AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

20.06.2024

Gurban Berdiýewe Dagystanyň «At gazanan tälimçisi» diýen at dakyldy

Türkmenistanly meşhur futbol tälimçisi Gurban Berdiýewe «Dagystan Respublikasynyň At gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy. Bu barada Mahaçkalanyň «Dinamo» toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýew ozal «Dinamo» toparyna baş tälimçilik eden bolsa, häzirki wagtda klubuň prezidentiniň geňeşçisi hasaplanýar. «Dinamo» tamamlanan möwsümiň jemleri boýunça Russiýanyň Premýer-ligasyna çykmagy başardy.

Mundan ozal, Gurban Berdiýewiň Azerbaýjanyň «Turan» klubuna baş tälimçi boljakdygy barada habar beripdik. Bar bolan maglumatlara görä, Gurban Berdiýew 21-nji iýunda Dagystandan Baku şäherine barar hem-de «Turan» bilen «2+1» görnüşindäki şertnama gol çekişer. «Turanyň» wise-prezidenti Ali Balakişiýew Gurban Berdiýewiň 24-nji iýundan toparyň ähli oýunçylaryny jemläp, türgenleşik ýygnanyşygyna başlajakdygyny mälim etdi.