AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

24.06.2024

Parižde geçjek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türkmen dzýudoçylary belli boldy

Türkmen dzýudoçylary dörtýyllyň iň uly sport baýramçylygyna — 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň jemleýji tapgyryny geçýärler. Oýunlar 26-njy iýun — 11-nji awgust aralygynda geçer.

Häzirki wagtda türkmen türgenleriniň türgenleşik işleri Horwatiýanyň Poreç şäherinde dowam edýär.

Baş tälimçi Kazuhiko Tokunonyň hem-de Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen ýygyndysynyň bu ýerdäki güýçlendirilen türgenleşik işleri 29-njy iýuna çenli dowam eder. Şondan soň ýygyndy toparyň wekilleri taýýarlyk işlerini dowam etdirmek üçin Ispaniýa tarap ýola düşerler.  

Şu möwsümde görkezen netijeleri esasynda, erkeklerden 66 kilogram agram derejesinde çykyş edýän Serdar Rahymow 2024-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar. Zenanlardan bolsa 57 kilograma çenli agram derejesinde göreşýän Maýsa Pardaýewa şu ýylyň Pariž olimpiadasynda çykyş eder.

Horwatiýada geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalaryndan Hekim Agamämmedowyň bilen Zülhumar Daşgynowanyň hem wekilçilik edýändigini ýatladýarys. Olar Rahymowyň hem-de Pardaýewanyň sparring kömekçileri hökmünde çykyş edýärler.

Serdar Rahymow 20 ýaşynda. 2023-nji ýylda Rimde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medal gazanmagy ilkinji uly üstünligi hökmünde türgeniň karýerasyny bezäpdi. Şondan soň bolsa ol Saraýewoda geçen ýetginjekleriň arasyndaky Ýewropanyň Kubogynyň altyn medalyny gazandy we Daşkentde guralan ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň Kubogynyň kümüş medalçysy hökmünde bellige alyndy.  

Häzirki möwsümde bolsa Warşawada (Polşa) geçen Ýewropanyň açyk ýaryşynyň hem-de Rigada (Latwiýa) bolan Ýewropanyň Kubogynyň kümüş medallaryny eýeledi. Maýda «Dushanbe Grand Slam 2024» ýaryşynyň ýeňijisi bolmak bilen, Serdar Türkmenistana dzýudo boýunça Uly Tuwalga ýaryşlarynyň ilkinji medalyny getirdi.

19 ýaşly Maýsa Pardaýewa ilkinji gezek 2022-nji ýylda Almatyda geçen ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň Kubogynda gazanan ýeňşi bilen hemmeleriň gözüne ildi. Ol 2023-nji ýylda Daşkentde geçen ýaryşda hem şeýle netijäni gaýtalamagyň hötdesinden geldi.

Zehinli dzýudoçy Saraýewoda ýetginjekleriň arasynda guralan Ýewropanyň Kubogy – 2023 ýaryşynda kümüş, Kuweýtde geçen açyk ýaryşda we Hançžouda bolan XIХ tomusky Aziýa oýunlarynda bürünç medallara eýe çykdy. 2024-nji ýylyň martynda bolsa Maýsa Antalýada geçen Uly Tuwalga ýaryşynyň bürünç medalyny gazandy.