AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

25.06.2024

Top torda gaýmalaýar: Ýetginjekleriň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligine badalga berildi

2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda paýtagtymyzda badalga berlen futbol boýunça ýurdumyzyň birinjiliginiň 1-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

«A» toparçanyň çäginde geçirilen duşuşykda paýtagtymyzyň «Altyn täç» hem-de «Kuwwatly beden» toparlary duşuşdy. Bu duşuşyk 7:0 hasabynda «Altyn täç» toparynyň peýdasyna tamamlandy. Toparçanyň beýleki duşuşygynda «Lebap» topary «Daşoguzdan» 4:0 hasabynda üstün çykdy.

 «B» toparçada geçirilen duşuşyklarda GOÝÇÝSM topary «Ahaldan» (5:0), «Balkan» bolsa «Mary» toparyndan (3:1) üstün çykdylar.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän futbol birinjiliginiň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary şu gün — 25-nji iýunda geçiriler: «Kuwwatly beden» – «Lebap», «Altyn täç» – «Daşoguz», «Ahal» – «Balkan», GOÝÇÝSM – «Mary».