AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

01.07.2024

Döwletmyrat Annaýew Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysyna (U20) tälim berer

43 ýaşly futbol hünärmeni Döwletmyrat Annaýew baş tälimçi hökmünde Türkmenistanyň ýaşlar (20 ýaşa çenli) ýygyndy toparyny Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama oýunlaryna taýýarlar. Bu karar Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan kabul edildi.

25–30-njy sentýabr aralygynda Bişkekde geçiriljek Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama ýaryşynda türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň we Mýanmanyň ýaşlar ýygyndylary bolar. Bular «I» toparçasyna girýärler.

Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäginde Döwletmyrat Annaýewiň topary 5 – 13-nji iýul aralygynda Jalal-Abat şäherinde (Gyrgyzystan) geçiriljek ýaşlar (20 ýaşa çenli) toparlarynyň arasyndaky Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşar.

Döwletmyrat Annaýewiň baý tälimçilik tejribesi bar. Ol 2019-njy ýylda «Köpetdag» topary birinji liga çykardy, soň Tofik Şükürowyň bu topar bilen ýokary ligada işlemegine kömekleşdi, baş tälimçi hökmünde «Aşgabat» futbol klubuna, şeýle hem Iordaniýada geçen Aziýa birinjiliginiň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň ýaşlar toparyna (U17) ýolbaşçylyk etdi.

D.Annaýew Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň (U20) baş tälimçisi wezipesine bellenmezden ozal, milli futbol çempionatynyň ikinji aýlawyndan başlap, «Ahal» topary türgenleşdirdi. Onuň ýolbaşçylygynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary Türkmenistanyň çempionatynyň 8 oýnunda 6 ýeňiş gazandy, «Altyn asyr» topary bilen oýnan bir oýnuny 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlady we diňe bir oýunda ýurduň häzirki çempiony «Arkadag» toparyndan utuldy – 0:4.