Türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow Aziýa çempionatynyň (U23) bürünç medalyna mynasyp boldy
Türkmen türgeni Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda (U23) bürünç medal gazandy.
Ýaryş 22 — 30-njy iýun aralygynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçdi.
Alp Arslan ýarymfinalda Gyrgyz Respublikasyndan bolan türgeni — Muhammad Abdullaýewi 12:7 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýarymfinalda bolsa türkmen pälwany Hytaýdan Nan Çaonyň garşysyna çykdy. Bu tutluşykda hytaý türgeni güýçli geldi — 4:1.
Bürünç medal ugrundaky tutluşykda bolsa Alp Arslan Begenjow Özbegistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy Daler Çulibaýew bilen ýüzbe-ýüz boldy. Türkmen türgeni özbek pälwanyna ýeňiş üçin mümkinçilik goýmady. Ildeşimiz ynamly ýeňiş gazandy — 12:1.
Altyn medala hytaýly Nan Çao, kümüş medala bolsa Gazagystandan Rustem Myrzagaliýew eýe çykdy. Ikinji bürünç medaly hindi türgeni Amit Amit eýeledi.