AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

02.07.2024

Özbegistanda ýaşlar toparlarynyň arasynda GDA-nyň Kubogy geçiriler

2024-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistanda ýaşlar toparlarynyň arasynda futbol boýunça Arkalaşygyň Kubogy ýaryş geçiriler. Bu baradaky çözgüt sport görnüşleri boýunçw GDA-nyň çempionatlaryna taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça iş toparynyň 27-nji iýunda Minsk şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edildi. Bu barada «Belta» habar berdi.

Iş toparynyň mejlisine Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Futbol boýunça Arkalaşygyň Kubogy ýaryşy 2024-nji ýylda GDA-nyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän sport ýaryşlarynyň iň abraýlylarynyň biridir. Futbol boýunça Kubokdan başga-da, Özbegistan Arkalaşygyň Açyk küşt kubogyny hem kabul eder. Mundan başga-da, awgust aýynda Belarusda erkekleriň we aýallaryň arasynda at sporty boýunça GDA-nyň çempionaty geçiriler.