AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

05.07.2024

Ýewropa çempionatynda çärýek finalyň ilkinji 2 duşuşygy: Ispaniýa – Germaniýa, Portugaliýa – Fransiýa

Şu gije tamamlanyp barýan futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynda ýarym finalçylaryň ilkinji ikisi belli bolar. 21:00-da we 00:00-da başlanjak duşuşyklara angliýaly eminler eminlik ederler.

Ispaniýa ýer eýelerini ýeňmek başardanok
Günüň ilkinji duşuşygy 21:00-da Ispaniýa bilen Germaniýanyň arasyndaky oýun bolar. Ştutgart şäherindäki «MHPArenada» oýnaljak oýunda angliýaly Antoni Teýlor jürlewük çalar. Iki topar mundan öň 26 gezek özara duşuşdylar. Şolarda Germaniýa 9, Ispaniýa 8 gezek ýeňiş gazanyp, 8 oýun hem deňlikde tamamlandy (30-31 gol). Ýewropa çempionatynda bolsa iki topar mundan ozal 3 gezek duşuşdylar. 1984-nji ýylda toparçalarda Ispaniýa 1-0, 1988-nji ýylda ýene-de toparçalarda Germaniýa 2-0 ýeňipdi. Iki topar 2008-nji ýylyň finalynda-da duşuşyp, ispanlar ýyldyz oýunçysy Fernando Torresiň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňip, 44 ýyldan soň 2-nji çempionlygyny gazanypdy.

Uly ýaryşlara seredenimizde, Ispaniýanyň ýygyndysyna şu wagta çenli ýer eýelerini ýeňmek başartmady. Ýewropa çempionatlarynda 1980-nji, 1984-nji, 1988-nji, 1996-njy we 2004-nji ýyllarda ýer eýelerinden ýa asgyn geldi ýa-da deňme-deň oýnady. Şol sanda Dünýä Kubogynda-da 1934-nji, 1950-nji, 2002-nji we 2018-nji ýyllarda hem ýer eýelerinden utuldy.

Fransiýa finalda ýeňlipdi
Günüň ikinji duşuşygy Portugaliýa bilen Fransiýanyň arasyndaky oýun ýarygijede, 00:00-da başlap, Hamburg şäherindäki «Volksparkstadionda» geçiriljek duşuşyga angliýaly Maýkl Oliwer eminlik eder. Iki topar bu oýna çenli Fransiýa bilen Portugaliýa 28 gezek duşuşdylar. Şolarda fransuzlaryň ýeňşi juda köp bolup, olar 19 gezek garşydaşyndan üstün çykdy. Portugallarda bu görkeziji 6-a deňdir. 3 oýnuň esasy wagty deňlikde gutaryp, şol 28 duşuşykda fransuzlar 53, portugallar 31 gol geçirdi.  

Iki ýygyndy Ýewropa çempionatynyň çäginde-de edil Ispaniýa bilen Germaniýa ýaly 4-nji gezek duşuşarlar. Mundan öňki 3 oýunda – 2000-nji ýylda ýarym finalda Fransiýa goşmaça wagtda Zidanyň Altyn goly bilen 2-1 ýeňipdi. 2016-njy ýylda finalda duşuşan toparlaryň şol oýnunda Portugaliýa Fransiýany Parižiň etegindäki «Stad de Frans» stadionynda goşmaça wagtda Ederiň goly bilen ýeňip, ilkinji çempionlygyny baýram edipdi. Olar 2020-nji ýylda-da duşuşdylar. Toparçadaky şol duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanyp, Portugaliýanyň gollaryny Ronaldu, Fransiýanyň gollaryny bolsa Benzema öz adyna ýazdyrypdy.