AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

08.07.2024

CAFA-2024: Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Özbegistandan we Eýrandan asgyn geldi

Jalal-Abat şäherinde 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionaty geçirilýär. «B» toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndysy 2 tapgyrda 2 ýeňlişe sezewar boldy.

Türkmen futbolçylary birinji oýunda Özbegistandan 2:3 hasabynda ýeňlen bolsalar, ikinji oýunda Eýrandan 0:3 hasabynda ýeňildiler.

Ýaryşda 6 ýygyndy 2 toparça bölünip çykyş edýär. «B» toparçada Türkmenistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndylary, «A» toparçada bolsa Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň ýygyndylary özara güýç synanyşýarlar.

Iki tapgyrdan soňra «B» toparçada Eýranyň ýygyndysy goşmaça görkezijiler esasynda Özbegistany yzda galdyryp, birinji orny eýeläp dur. Olaryň arasyndaky özara oýun toparçanyň ýeňijisini kesgitlär.

Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda, toparçada birinji orny eýelänler finalda, ikinji ornuň eýeleri bolsa bürünç medal üçin meýdança çykarlar. Şeýle-de bäşinji oýun üçin hem oýun geçiriler.

Mundan ozal, TFF-niň bu halkara ýaryşa Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy üçin 2025-nji ýylda Hytaýda geçiriljek 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk hökmünde garaýandygyny habar beripdik.

Yklym çempionatynyň saýlamasynda Türkmenistan Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Mýanmanyň ýygyndylary bilen bilelikde «I» toparçadan orun aldy. Saýlama tapgyrynyň oýunlary 25 – 29-njy sentýabr aralygynda Bişkek şäherinde geçiriler.