AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

12.07.2024

Argentina finalda Kolumbiýa bilen duşuşar

Amerikanyň Kubogynyň 2-nji ýarym final duşuşygy hem geçirilip, Argentinanyň finaldaky garşydaşy belli boldy. Şarlott şäherinde geçirilen ýarym final duşuşygynda Kolumbiýanyň ýygyndysy bilen Urugwaýyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli hem-de dartgynly geçen oýunda ýeňiş gazanan topary ýeke-täk gol kesgitledi. Ony-da oýnuň 39-njy minutynda kolumbiýaly Jefferson Larma derwezä girizdi. Bu goluň pasyny beren Hames Rodriges şu ýaryşdaky 6-njy asistini etdi. Oýnuň 45+1-nji minutynda goragçy Daniel Munýos gyzyl kart alyp, Kolumbiýa 2-nji ýarymda 10 bolup oýnady. Emma Urugwaýyň ýygyndysyna hasaby deňlemek başartmady we 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala adyny ýazdyrdy. Bu olaryň 1975-nji we 2001-nji ýyllardan soňky 3-nji finalydyr. Kolumbiýanyň ýygyndysy mundan öň diňe bir gezek, 2001-nji ýylda Kopa Amerikanyň çempionlygyny gazanypdy.

48-nji Kopa Amerikanyň finalynda Argentina bilen Kolumbiýanyň ýygyndylary duşuşar. Duşuşyk duşenbe güni Aşgabat wagty bilen ir säherler 05:00-da başlanar. Duşuşyk Maýami Gardens şäherindäki «Hard Rock» stadionynda oýnalar.

Kolumbiýanyň ýygyndysy 28 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Olar soňky gezek 2022-nji ýylyň fewralynda Argentinadan 1-0 asgyn gelipdi. Şondan bäri geçirilen 28 oýunda argentinaly Nestor Lorenzonyň şägirtleri 22 oýunda ýeňiş gazanyp, 6 duşuşykda-da deňme-deň oýnadylar.