AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

15.07.2024

Angliýany ahmyrda goýan Ispaniýa dördünji gezek futbol boýunça Ýewropanyň çempiony boldy

Germaniýada guralan futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionaty tamamlanyp, Ispaniýanyň ýygyndysy yklymyň çempiony boldy. Berlindäki «Olympiastdionda» oýnalan finalda Ispaniýanyň ýygyndysy Angliýanyň ýygyndysyny 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

1-nji ýarymy durnukly ýagdaýda, hüjümleriň azlygynda geçip, toparlara derwezäni sarsdyrmak başartmady. Ispanlar 2-nji ýaryma gol bilen başladylar. 47-nji minutda Lamin Ýamalyň pasyndan soň Niko Uilliams hasaby açdy. Bu goldan soň Ispaniýanyň ýygyndysy ýene-de 2-3 sany örän amatly pursady elden giderdi. Iňlisleriň tälimçisi Garet Sautgeýt oýnuň 70-nji minutynda Koul Palmeri meýdança girizdi. Ol hem 3 minutdan soň, Bellingamyň beren pasyny gol bilen netijelendirdi. Şunlukda, 73-nji minutda hasap deňlendi.

Şondan soň ispanlar täzeden hüjümlerini artdyryp başlady. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 4 minut galanda Moratanyň deregine meýdança giren Oýarsabal ispanlariň ýeňiş goluny geçirdi. Bu gol 86-njy minutda bellige alyndy. Duşuşygyň ahyrynda iňlisler tasdanam hasaby deňläpdi. Palmeriň burçdan ýerine ýetiren urgusynda topy ilki Raýs kellesi bilen urdy. Ony derwezeçi Unaý Simon saklamagy başardy. Yzyna gaýdan top täzeden derwezä uruldy. Bu gezek Dani Olmo topy çyzykdan çykardy. Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňşini baýram eden Ispaniýanyň ýygyndysy 4-nji gezek yklymyň çempiony boldy. 1964-nji, 2008-nji hem-de 2012-nji ýyllardaky çempionlyklarynyň üstüne ýene birini goşan Ispaniýa bu ugurda 3 çempionlygy bolan Germaniýany yzda galdyrdy. Ispaniýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda ähli duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp, çempion bolan ilkinji ýygyndy hökmünde hasaba alyndy.

Angliýanyň ýygyndysy bolsa bassyr 2-nji gezek finalda utulyp, şeýle statistika eýe bolan ilkinji topar diýlip kesgitlendi.

Duşuşykdan soň kubok gowşurylyş dabarasynda Niko Williams finalyň ýyldyzy diýlip saýlandy. Ispaniýaly Rodri çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip yglan edildi. Lamin Ýamal çempionatyň iň ökde ýaş futbolçysy baýragyna laýyk görüldi. Ispaniýaly Dani Olmo 3 gol bilen çempionatyň iň netijeli futbolçysy baýragyna laýyk hasaplanyldy.