AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

16.07.2024

«Ýüpek ýoly 2024»: Onunjy tapgyr Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažynyň ýeňşi bilen jemlendi

14-nji gezek guralýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň onunjy tapgyrynyň geçirilen güni hem gatnaşyjylar üçin garaşylmadyk synaglara baý boldy.

Bu tapgyr Mongoliýanyň Baýanhongor we Mandalgobi sebitlerini birikdirdi. Geçilmeli menzil 562, 86 kilometre barabar boldy.  

Onunjy tapgyr marafon görnüşinde geçdi: mehanikleriň hem-de kömekçi wekilleriň galandygy sebäpli, türgenler ýüze çykan näsazlyklary özbaşdak bejermeli boldular. Şol bir wagtyň özünde hem, tapgyryň menzilleri sürüjileriň hem-de şturmanlaryň örän ünsli bolmagyny talap edýän diýseň ýokary tizlikde geçilmeli sähra ýollaryndan we daşlyk ugurlardan uzady.  

Daňatarowyň nobatdaky ýeňşi

Mihail Mitýaýewi alty minutdan gowrak yzda galdyran Maksatmyrat Daňatarow ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň T2 ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Öňdäki üçlügi bolsa umumy hasapda öňdeligi elden bermeýän Andreý Suşensow jemledi.   

«S&A Racing» toparynyň sürüjisi Andreý Suşensow ahyrky tapgyryň öňüsyrasynda bäş sagat tapawut bilen öňde barýar. Ikinji orny bolsa «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri — doganlar Merdan hem-de Şöhrat Toýlyýewler eýeleýär. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ekipažy — Maksatmyrat Daňatarowyň we onuň şturmany Didar Orazmedowyň topary bolsa öňdäki üçlügi jemleýär. Şondan soňky orunlar Mihail Mitýaýewde hem-de Maýlis Abdullaýewde galýar.

Halkara ralli-reýdi 15-nji iýulda jemlener.