AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

16.07.2024

Türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda geçjek Pariž olimpiadasynyň petekleriniň rekord derejesi satyldy

Ýene sanlyja günden Fransiýanyň Pariž şäherinde badalga aljak tomusky Olimpiýa oýunlarynyň petekleriniň rekord möçberiniň satylandygyny sport baýramçylygynyň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Toni Estange habar berdi.

Oýunlaryň başlanmagyna iki hepde galanda petekleriň 8,6 millionysy satyldy.

— Rekord 1996-njy ýylyň Atlantada geçen Olimpiýa oýunlaryna degişli bolup, şonda 8,3 million petek ýerlenipdir. Biz bolsa bu görkezijini ýaryşyň başlanmagyndan iki hepde öň yzda galdyrdyk. Häzirki wagtda Olimpiýa oýunlarynyň 8,6 million, Paralimpiadanyň bolsa bir milliondan gowrak petegi ýerlenildi. Biz rekordy täzelemegi başarandygymyza begenýäris. Muňa garamazdan, has-da uly görkezijilere ýetip biljekdigimizi nygtamak isleýärin — diýip, belleýän Estangeniň sözleri «AFP» (Agence France-Presse) tarapyndan sport jemgyýetçiligine ýetirildi.  

Guramaçylyk komitetiniň satylan petekleriň umumy sanyny 10 millionlyk bellige ýetirmek isleýändigi bellenilýär.

Tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýun — 11-nji awgust aralygynda geçer. Bu oýunlara türkmen türgenleriniň altysy wekilçilik eder.