AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

18.07.2024

Pariž olimpiadasyna taýýarlyk: Suwda ýüzmek boýunça türkmen ýygyndysy Gruziýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi

15-nji iýun — 11-nji iýul aralygynda suwda ýüzmek boýunça türkmen ýygyndysy Gruziýanyň Batumi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi. Bu çäräniň baş maksady türkmen türgenleriniň şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda geçýän ykjam türgenleşikleri arkaly has-da kämilleşdirmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir.

Olimpiýa oýunlaryna türkmen ýüzüjilerinden Musa Žalaýew (100 metr, erkin usul) hem-de Aýnura Primowa (100 metr, arkanlygyna ýüzmek) wekilçilik eder.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna Dmitriý Nowikowyň hem-de Mark Pilýuginiň ýolbaşçylygyndaky türkmen türgenleriniň 12-si gatnaşdy. Türgenleşikleriň ýörite maksatnamasy öňde boljak möhüm synaglaryň öňüsyrasynda türgenlerimiziň ykjam taýýarlygynyň ýokary derejesini üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Okuw türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşan erkekler toparymyz Dawid Akopýan, Musa Žalaýew, Seýran Nurmyradow, Muhammetmyrat Gutlyýew, Alan Muhin hem-de Gurban Hommadow ýaly ussatlardan ybarat boldy.

Zenanlar ýygyndymyza bolsa Eneş, Ejeş hem-de Aýnur Primowalar, Anastasiýa Morginştern, Ogulmerjen Nuraýewa we Aýnur Merdanowa wekilçilik etdi.