Türkmenistanda sportda dopinge garşy göreşmek hakynda täze Kanun kabul edildi
«Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
16 maddadan ybarat bolan täze Kanunda gozgalýan mesele bilen bagly käbir düzgünler has döwrebaplaşdyrylýar.
Kanunda nygtalyşy ýaly, «Barlagyň netijesi oňyn bolmadyk halatynda türgeniň ýa-da onuň wekiliniň şulara hukugy bardyr:
1) «B» nusgalygynyň barlagynyň geçirilmegini talap etmäge;
2) gaýragoýmazdan düşündiriş bermäge;
3) eger zerur bolsa, «B» nusgalygynyň gaýtadan barlagynda bolmagyna;
4) «A» nusgalygynyň barlagynyň netijeleri boýunça barlaghanalar üçin Halkara standartynda göz öňünde tutulan maglumatlary saklaýan resminamalaryň göçürmesini almaga;
5) TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda öz wagtynda, adalatly we tarapgöýsüz diňlenilmäge;
6) Halkara dopinge garşy topara TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda, birinji basgançakly guramanyň çözgüdine şikaýat etmäge».
Şeýle hem Kanunyň 17-nji maddasyna laýyklykda, dopinge garşy kadalaryň bozulmagy bilen baglanyşykly jedeller TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda çözülýär.