AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

27.07.2024

Pariž 2024 bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar

Parižde 33-nji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolar. 10,5 müňden gowrak türgeniň gatnaşjak Olimpiadasy 11-nji awgustda tamamlanar. Bu guramaçylyk üçin Fransiýa hökümeti 8,3 milliard ýewro möçberinde çykdajy etdi.

Pariž 3-nji gezek guraýar
Tomusky Olimpiýa oýunlary 3-nji gezek Parižde geçirilýär. Pariž şäheri Londondan soň Olimpiýa oýunlaryny 3 gezek guran 2-nji şäher bolar. Mundan öň 1900-nji hem-de 1924-nji ýyllarda Parižde tomusky Olimpiýa oýunlary geçirilipdi. Umumylykda bu Fransiýanyň 6-njy Olimpiýa oýunlary bolup, 1924-nji ýylda Şamoni, 1968-nji ýylda Grenoble hem-de 1992-nji ýylda Alberwil şäherlerinde gyşky Olimpiýa oýunlary hem geçirilipdi.

Breýkdans – ilkinji gezek maksatnamada
33-nji tomusky Olimpiýa oýunlarynda umumylykda 32 sport görnüşi bolup, olaryň diňe biri ilkinji gezek Olimpiadanyň maksatnamasynda bolar. Ol hem breýkdans sporty bolup, ol köçe medeniýetini, tans sungatyny özünde jemleýär.

Talismanlar – Frižler

Şu Olimpiadanyň hem-de Paralimpiadanyň nyşany, timary Frižler bolup, ol Frigiýa şyrdagynyň şekilindedir. Ol erkinligi, azatlygy aňladýar. Olimpiýa oýunlarynyň tumary ak aýakgapda bolsa, Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanynyň bir aýagy protez aýakdyr.  

Marafona hemmeler gatnaşyp biler, medallarda Eýfelden ýadygärlik
Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek marafon ylgawyna professional däl türgenler hem gatnaşar. Professional türgenler irräk başlar we soňlugy bilen ýaryş zolagy hemmelere açylar. Olimpiýa oýunlarynyň çäginde gowşuryljak 5084 medalyň ählisine-de Eýfel diňinden bir bölejik ýerleşdirildi.   

Açylyş Sena derýasynda geçiriler
Açylyş dabarasy Sena derýasynda geçiriler. Ol ep-esli tomaşaçyny kabul ediler. Şeýle-de, kenarýaka woleýbol duşuşyklary Eýfel diňiniň aşagyndaky Mars meýdançasynda, breýkdans, 3x3 basketbol, BMX fristaýl, skeýtboarding sportlary Konkord meýdançasynda, gylyçlaşmak we taekwondo Gran Palede geçirilse, marafon ylgawy De Wil myhmanhanasynyň deňinden start alar.  

Bu Olimpiada diňe bir türgenler üçin däl, eýsem, şäheriň we onuň myhmanlary üçinem uly baýramçylyga öwrüler.