AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

31.07.2024

Ýaşulularyň arasyndaky küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty gaýtadan geçirilip başlandy

Sekiz ýyllap dowam eden arakesmeden soň Türkmenistanda ilkinji gezek eýýäm 50 we 65 ýaşyny arka atan oýunçylary jemlän weteranlaryň milli küşt çempionaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berýär.

Birinjilik Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi.

Şeýle ýaryş iň soňky gezek 2016-njy ýylda geçirilip, şonda meşhur küştçi, halkara ussat Amanmyrat Kakageldiýew ýeňiji bolupdy.

Bu gezek ýaryş tertibiniň öňdäki iki basgançagynda mümkin bolan 9 utukdan, 7,5 utuk toplan Aşgabat şäheriniň mümkinçiligi çäkli türgenleri özünde jemleýän bedenterbiýe-sport  klubunyň tälimçisi hem-de Ahal welaýatynyň sport ussady Aýdogdy Atabaýew (52 ýaş, Fide reýtingi — 2086) hem-de Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi, FIDE-niň ussady Serdarguly Baýramsähedow (56 ýaş, reýtingi — 2216) dagy ýerleşdi.  

Gomaça görkezijiler altyn medala garşydaşyndan az-kem ýaş küştçi Aýdogdy Atabaýewiň eýe çykandygyny görkezdi.  

Olardan bary-ýogy bir utuk yza galan FIDE-niň ussady Mihail Çommyýew (62 ýaş, reýtingi—2160) üçünji ýeri eýeledi.

65 ýaşdan uly küştçileriň ýaryşy hem dartgynly geçdi. Altyn medala bir wagtyň özünde 4,5 utukdan toplan dört küştçi dalaş etdi. Şeýlelikde, 75 ýaşly sport ussady Halym Maýlyýew (reýtingi — 1924) ýeňiji boldy. Ol Mary welaýatyndandyr. Kümüş medala 79 ýaşly Lebap welaýatynyň wekili Çary Sultanow eýe çykdy (1707). Ç.Sultanowa ýaryşyň hemaýatkärleriniň biriniň «Ýeňşe yhlasy üçin» atly baýragy gowşuryldy. Öňdäki üçlügi 71 ýaşly daşoguzly küştçi Myrat Ýakubow jemledi (1739).

«50+» derejedäki zenanlaryň arasynda ýaryşyň ýeke-täk gatnaşyjysy, Lebap welaýatynyň baş tälimçisi Güljahan Owlýakuliýewa erkekler bilen deň derejede bäsleşdi we 3,5 utuk toplady.  

Ýeňijiler 50 we 65 ýaşdan uly türgenleriň arasynda weteranlaryň dünýä we Aziýa çempionatlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Şweýsar usulynda geçen ýaryş 9 tapgyra uzady. Oňa 18 türgen gatnaşdy.