AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

02.08.2024

«Altyn Täç» Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda bürünç medallaryň üçüsine eýe çykdy

Aşgabat şäheriniň «Altyn Täç» futbol topary Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilen «Laola Cup 2024» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, üç bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan Habarlar portaly» habar berdi.

2024-nji ýylyň 22-26-njy iýuly aralygynda geçirilen ýaryşa dünýäniň 46-dan gowrak döwletinden 200 çemesi futbol topary gatnaşdy.

Ýaş derejeleriniň bäşisi boýunça geçirilen halkara ýaryşda «Ýolbars» lakamly «Altyn Täç» futbol toparynyň üç topary (2009, 2011 we 2013-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden düzülen toparlar) çykyş etdi.

Ilkinji oýundan başlap, «Ýolbarslar» tutanýerliligi we zehini bilen ajaýyp hem mynasyp oýun görkezdi. Olar toparçalaýyn tapgyrda Hytaýyň we Şwesiýanyň toparlaryny 2-1 hasap bilen ýeňip, Malaziýanyň toparyndan bolsa 3:1 hasabynda asgyn geldiler. Şunlukda, toparçada ikinji orny eýelediler.

«Ýolbarslar» futbol topary 3-nji orun üçin ýerli klub — Germaniýa wekilçilik edýän topar bilen duşuşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşyk deňme-deň tamamlandy — 2:2. Şeýlelikde, duşuşygyň ykbalyny 11 metrlik urgular kesgitledi. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularda bolsa «Ýolbarslar» 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, bu ýaş derejäniň bürünç medalyna eýe bolmagy başardylar.

Has kiçi ýaş derejesinde (13 ýaşdan kiçi we 11 ýaşa çenli) türkmen futbolçylary dürli ýurtlardan bolan garşydaşlary bilen mynasyp derejede bäsleşdiler we bürünç medallara eýe boldular.