«Turanyň» kapitany: Gurban Berdiýew ownuk bölekleriň hem her birine üns bilen çemeleşýär
«Turan-Towuz» toparynyň kapitany Şähriýar Aliýew «azerisport.com» neşirine toparyň Azerbaýjanyň premýer-ligasynyň täze möwsümine görýän taýýarlyk işleri hem-de klubuň täze tälimçisi — türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew hakyndaky pikirlerini gürrüň berdi.
«Ilki bilen biz Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdik. Soňra Gabala ugradyk, şondan soň—Türkiýä. Gabalada fiziki taýýarlygymyzyň üstünde işledik. Türkiýede bolsa badalga aljak milli çempionata taýýarlyk görmek maksady bilen, ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdik. Biz çempionata diýseň taýýarlykly barmak üçin gündelik türgenleşik işlerini alyp barýarys. Şu ýerde başdaky üç tapgyryň örän agyr boljakdygyny bellemek gerek.
Baş tälimçimiz Gurban Berdiýew bize dürli gönükmeleri berýär. Bize ýetmezçiliklerimizi yzygiderli görkezip durýar. Düşünmedik pursatlarymyzy, mümkinçiliklerimizi düşündirýär. Ol biziň oýnumyzdaky her bir ownuk bölege hem üns berýär. Gurban Bersiýew toparymyza ähli başarnygyny siňdirýär.
Belki, öňde boljak möwsüm geçen futbol möwsüminden has agyr bolar. Toparlaryň ählisi düzümini güýçlendirdi we netijeli çykyş etmek isleýärler. Biz hem ýokary depginde taýýarlanýarys. Iň gowy netijeleri görkezmäge çalşarys» — diýip, Aliýew belledi.