AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

05.08.2024

Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň ýygyndysy Şwesiýada geçen halkara mini futbol ýaryşynda kümüş medal gazandy

«Gothia Cup» atly halkara futbol ýaryşy 1975-nji ýylda esaslandyryldy we şol wagt dünýäde ýetginjekleriň arasyndaky iň uly bäsleşikleriň biri hökmünde meşhur bolupdy. «Gothia Special Olympics Trophy» bäsleşigi bolsa mümkinçiligi çäkli türgenleri goldamak maksady bilen, şol ýaryşyň bir bölegi hökmünde 2014-nji ýylda döredildi.

Ine, golaýda bolsa Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň kiçi futbol boýunça ýygyndy topary ilkinji gezek «Gothia Special Olympics Trophy» ýaryşynda çykyş etdi. Şu ýyl bu abraýly bäsleşik 15 ýurtdan 24 topary bir ýere jemledi. Şolaryň 20-si erkekler, 4-si bolsa zenanlar toparlarydyr.

Türkmen toparynyň düzümine Balkan welaýatyndan bäş türgen, Marydan üç futbolçy, paýtagtymyz Aşgabatdan bolsa iki oýunçy girdi. Türkmen wekiliýetine tälimçileriň ikisi agzalyk edip, şolaryň biri Balkan welaýatynda bedenterbiýe mugallymy hökmünde zähmet çekýän Gurbantagan Ylýasow, beýlekisi bolsa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Aşgabat şäheriniň 11-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Rejep Nurberdiýewdir. Milli wekiliýete Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň halkara gatnaşyklary boýunça hünärmeni Gülnar Hojamyradowa ýolbaşçylyk etdi.

Ýaryşyň öňüsyrasynda saýlama duşuşyklar ýaýbaňlandyryldy we şolaryň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndy topary dördünji toparçada çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy. Toparçadaky tapgyrda ildeşlerimiz Estoniýanyň, Fransiýanyň hem-de Şwesiýanyň ýygyndy toparlarynyň ýeňlişe sezewar etdiler. Final duşuşykda bolsa Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň topary Indoneziýadan bolan futbolçylardan asgyn geldiler — 1:2. Şeýlelikde, türkmen topary ýaryşyň kümüş medalyny eýeledi. 

Ýaryşyň jemi boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary medallar hem-de ýörite Kubok bilen sylaglandy. Bu ýeňiş Türkmenistanda sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän giň şert-mümkinçilikleriň aýdyň görkezijisine öwrüldi.