AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

06.08.2024

Pariž 2024: futbol ýaryşynyň finalynda Fransiýa bilen Ispaniýa duşuşar

Pariž olimpiadasynyň futbol ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy. Erkekleriň arasyndaky finalda ýer eýeleri Fransiýa bilen Ispaniýanyň olimpiýa ýygyndylary duşuşarlar. Iki topar hem ýarym finalda Demirgazyk Afrikanyň wekillerini – Müsüri bilen Marokkony ýeňlişe sezewar etdiler.

Ýer eýeleri goşmaça wagtda ýeňiş gazandy

Fransiýanyň olimpiýa ýygyndysy Müsüriň ýygyndysy bilen bolan duşuşygyň esasy wagtynyň soňky minutlarynda hasaby deňläp, goşmaça wagtda ýeňmegi başardy. 62-nji minutda Mahmut Saberiň goly bilen öňe geçen müsürlileriň derwezesinden 83-nji minutda hasaby deňlän goly Mateta geçirdi. Goşmaça wagtyň ilkinji minutlarynda Müsür 1 oýunçy kem galdy. 99-njy minutda Mateta hasaby 2-1-e ýeterdi. 108-nji minutda Olise oýna soňky nokady goýup, Fransiýa 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy we 40 ýyldan soň 3-nji gezek finala çykdy. Fransiýa 1984-nji ýylda altyn medal gazanyp, ondan öňem 1900-nji ýylda Parižde finalda Britaniýadan asgyn gelipdi.

Ispanlar 5-nji gezek finalda

Ispaniýanyň olimpiýa ýygyndysy ýarym finalda Marokkonyň olimpiýa ýygyndysyny 2-1 hasabynda ýeňdi. 1-nji ýarymda Rahiminiň 37-nji minutda penaltiden geçiren goly bilen öňe saýlanan marokkolylar bu üstünligini saklap bilmediler. 65-nji minutda Fermin Lopez hasaby deňlese, 86-njy minutda Huanlu ispanlara ýeňiş getiren oýunçy boldy. Ispaniýanyň olimpiýa topary 5-nji gezek finala çykyp, olar mundan öň diňe 1992-nji ýylda altyn medaly gazanypdylar. 1920-nji, 2000-nji we 2020-nji ýyllarda degişlilikde, Belgiýadyr Kamerundan hem-de Braziliýadan asgyn gelipdiler.

Final 9-njy awgustda

Fransiýa bilen Ispaniýanyň arasyndaky final duşuşygy 9-njy awgustda Pariždäki «Park de Prens» stadionynda oýnalar. Ondan öň 8-nji awgustda Müsür bilen Marokkonyň olimpiýa toparlary bürünç medal ugrunda Nant şäherinde duşuşarlar.

Zenanlaryň arasynda-da ýarym final duşuşyklary şu gün geçiriler. Sagat 21:00-da ABŞ bilen Germaniýanyň, 00:00-da bolsa Braziliýa bilen Ispaniýanyň zenanlar toparlary finala çykmak üçin duşuşyk geçirerler.