AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

06.08.2024

Türkmenistan — BAE: sport hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi, Onuň Alyhezreti Ahmed Al Hameliniň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Ataýew bilen duşuşygy boldy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Instagram sahypasynda habar berilýär.

Duşuşyga döwlet komitetiň halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Şamyrat Seräýew hem gatnaşdy. Bu ýerde taraplar iki ýurduň arasyndaky sport hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.⠀

Duşuşykda Watanymyzyň sport ulgamynda ýeten belent sepgitleri beýan edildi we netijeli hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirildi.