AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

08.08.2024

«Real» «Çelsiden», «Milan» «Barselonadan» üstün çykdy

ABŞ-da geçirilýän Ýewropa klublarynyň ýoldaşlyk duşuşyklarynyň çäginde «Real Madrid» bilen «Çelsi» duşuşdy. Duşuşykda «Real Madrid» 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şarlott şäherinde geçirilen duşuşygyň gollaryny «Realyň» adyndan Lukas Waskes (19) bilen Braim Diaz (27) derwezä girizdi. «Çelsiniň» ýeke-täk goluny bolsa Noni Madueke (39) öz adyna ýazdyrdy. Duşuşykda «Realyň düzüminde Mbappe, Bellingem, Kamawinga, Tçuameni, Karwahal, Arda Güler, täze transfer Endrik dagy çykyş etmedi. Bu «Realyň» soňky ýoldaşlyk duşuşygy bolup, madridliler geljek hepdäniň çarşenbe güni «Atalanta» bilen UEFA Super Kubogy ugrunda duşuşyk geçirer.

Baltimorda bolsa «Milan» bilen «Barselona» toparlary duşuşdy. «Milan» topary Luka Ýowiç (10) hem-de Kristian Pulişiçiň (15) gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne «Barselona» Robert Lewandowskiniň (22, 58) gollary bilen hasaby deňlemegi başardy. Oýundan soňky penalti urgularynda bolsa «Milan» 4-2 hasabynda üstün çykdy.

«Barselona» 12-nji awgustda «Monako» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirse, «Milan» «Monza» bilen duşuşar.

«Milan» topary ABŞ-da geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarynda «Mançester Sitini», «Real Madridi» hem-de «Barselonany» ýeňmegi başardy.