
Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy MAFA-nyň çempionatyna gatnaşar
Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy 17 ― 24-nji awgust aralygynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziçanyň Futbol assosiasiýasynyň (MAFA) çempionatyna gatnaşar.
Ýaryşa Merkezi Aziýanyň alty döwletiniň: Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýetginjekler ýygyndylary gatnaşar.
Bu ýaryş türkmen futbolçylary üçin Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryna öwrüler. Mälim bolşy ýaly, saýlama duşuşyklar şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriler. Türkmenistanly ýetginjekler «D» toparçada Tailand, Hindistan we Bruneý bilen ýaryşar.
MAFA ― 2024-iň bijeleri 15-nji awgustda çekiler. Şondan soň ýaryşyň doly senenamasy düzüler. Duşuşyklara MAFA-da YouTube-däki resmi kanaly arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bolar diýip, ýaryşyň Guramaçylyk komiteti habar berýär.