AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

12.08.2024

Ilima Guseýnowa Malaýziýada geçen halkara ýaryşda ikinji orna mynasyp boldy

3 — 10-njy awgust aralygynda Malaýziýada «Selangor Asian 14 & Under Grade A Tournament (Southeast Asia)» halkara tennis ýaryşy geçirildi. Bu barada «SalamNews» saýtynyň habarçysyna Türkmenistanyň Tennis federasiýasyndan habar berdiler.

Malaýziýanyň Negeri-Sembilan ştatynyň Bandar-Baru-Enstek şäherinde geçýän Aziýadan zehinli ýaş tennisçileriň 64-si gatnaşyp, şolaryň 32-si oglanlar, 32-si bolsa gyzlardyr.

Türkmen tennisçisi Ilima Guseýnowa jübütleýin ýaryşda ajaýyp netije görkezdi we Eýranyň wekili Hanoý Şabanpur bilen bilelikde ikinji orna mynasyp boldy. Ýekelikdäki bäsleşikde bolsa Guseýnowa çärýekfinala ýetmegi başardy. Munuň özi şeýle derejedäki ýaryş üçin täze sepgitdir.

Ilima Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi hem-de «Aşgabat» tennis akademiýasynyň wekili Miraly Gasanow halypalyk edýär.

Birinji aýlaw

Ilima Guseýnowa (TÜRKMENISTAN) / Hana Şabanpur (Eýran) — Adani Ažari (Malaýziýa) / Naba Nişan (Maldiwler) — 6:2, 6:3.

Çärýekfinal

Ilima Guseýnowa (TÜRKMENISTAN) / Hana Şabanpur (Eýran) — Romina Rafaiborijeni (Eýran) / Beatrisa Elwina (Malaýziýa) — 6:0, 6:2.

Ýarymfinal

Ilima Guseýnowa (TÜRKMENISTAN) / Hana Şabanpur (Eýran) — Senhýon Kim / Ýerin Lim (Koreýa Respublikasy) — 6:4, 1:6 (10:1).

Final

Ilima Guseýnowa (TÜRKMENISTAN) / Hana Şabanpur (Eýran) — Şiwali Gurung (Nepal) / Sa’Ýa Maula (Indoneziýa) — 3:6, 5:7.