AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

12.08.2024

17 ýaşa çenli futbolçylardan ybarat bolan türkmen ýygyndysy CAFA-nyň çempionatynda çykyş eder

17 — 24-nji awgust aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde 17 ýaşa çenli futbolçylardan ybarat bolan toparlaryň arasynda Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionaty geçiriler. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy öz Instagram sahypasynda beýan edýär.

Ýaryşa ýygyndy toparlaryň altysy gatnaşar: Owganystan, Eýran, Gyrgyzystan, Täjigistan, Tükmenistan we Özbegistan. Toparlar her biri ýygyndylaryň üçüsini jemleýän toparçalaryň ikisine bölünerler. Bije çekişlik 15-nji awgustda bolar.

Toparçadaky duşuşyklaryň netijesinde birinji orny eýelän toparlar finalda altyn medal ugrunda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Toparçasynda ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa bürünç medal ugrunda göreşerler.

Ýaryşyň duşuşyklarynyň ählisi CAFA-nyň YouTube-kanalynda (@cafassociation) göni efirde görkeziler.