AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

12.08.2024

Pariž 2024: tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Iki hepdeden gowrak wagt dowam eden sport äleminiň iň uly baýramçylygy bolan tomusky Olimpiýa oýunlary uly dabara bilen tamamlandy.

100 ýyldan soň 3-nji gezek tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul eden Fransiýanyň paýtagty Pariždäki Sen Deni stadionynda geçirilen dabara fransuz ýüzüjisi Leon Marşanyň alawy öçürmeginden soň başlandy. Ýapylyş dabarasy özboluşly çykyşlara, täsin wideoroliklere baý boldy. Netijede, Olimpiýa baýdagy aşak düşürilip, indiki Olimpiadany guraýjy Los-Anjeles şäheriniň ýolbaşçysy Karen Bassa gowşuryldy. Ol hem baýdagy Simona Baýlz bilen bilelikde stadionyň üçeginden ýüp bilen aşak sallanan meşhur aktýor Tom Kruza berdi. Tom Kruz stadiondan motosikl bilen çykyp gitdi. Ondan soň ozal taýýarlanan wideo şekiller arkaly baýdak 2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri Los-Anjeles şäheri tarapyndan meşhur şahsyýetleriň gatnaşmagyna kabul edildi. Dabaranyň dowamynda Los-Anjelesden Red Hot Çili Peppers, Billie Eiliş hem-de Snoop Dogg ýaly aýdym-saz dünýäsiniň ägirtleriniň kiçeňräk konserti boldy we stadionda uly ekranlar arkaly görkezildi. Dabaranyň ahyrynda bolsa feýerwerkleriň asmany bezedi we tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlandy.