AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

15.08.2024

Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşarlar

17-18-nji awgustda Şymkent şäherinde (Gazagystan) jiu-jitsu boýunça «JJAU Regional Championship Central Asia 2024» ýaryşy geçiriler.

Ýaryşa Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň ýygyndy toparlary gatnaşar. Türgenler U16, U18 ýaş derejeleri boýunça hem-de ulularyň bäsleşiginde tutluşarlar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 14 türgen wekilçilik edýär. Bu barada «SalamNews» saýtynyň habarçysyna Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinden habar berdiler.

Ýaryşlar jiu-jitsunyň üç ugry boýunça ýaýbaňlandyrylar: newaza, fighting hem-de contact.

Ýaponiýada esaslandyrylan jiu-jitsu samuraýlaryň däpleriniň dowamydyr. Samuraýlar üstünlikleriniň diňe öz mümkinçiliklerini ulanyp, duşmany ýaragsyz ýeňmegiň mümkindigne ynanypdyrlar. Bu söweş sungaty garşydaşyň güýjüni özüne garşy ulanmagy özünde jemleýär.