AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

15.08.2024

«Real Madrid» — altynjy gezek Superkubogyň eýesi

Polşanyň paýtagty Warşawada geçirilen 49-njy UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda Ispaniýanyň «Real Madrid» topary ýeňiş gazandy. Italiýanyň «Atalanta» topary bilen duşuşan ispan kluby garşydaşyny 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 

1-nji ýarymy golsuz tamamlanan duşuşygyň gollaryny 59-njy minutda Winisius Junioryň pasyndan netijeli peýdalanan Federiko Walwerde hem-de 68-nji minutda Jud Bellingamyň pasy esasynda täze transfer Kilian Mbappe geçirdi. 

Şeýlelikde, «Real Madrid» topary 6-njy gezek UEFA-nyň Superkubogyny gazanyp, kubogy iň köp alan topar boldy. Madridliler rekordyň täze eýesi bolup, olar öň bu netijäni «Milandyr» «Barselona» bilen paýlaşýardylar.

«Real Madrid» topary mundan ozal bu kubogy 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji hem-de 2022-nji ýyllarda alypdy.
Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip Jud Bellingam saýlandy.
Täze transfer, super ýyldyz Kilian Mbappe hem «Real Madrid» toparyndaky ilkinji resmi duşuşygynda gol geçirmegi başardy.

27-nji kubogyny gazanan Luka Modriç klubuň iň köp kubokly futbolçysy boldy.