AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

03.09.2024

«Ahal» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Merw» toparyny üçünji gezek utdy

Ýokary liganyň klublarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçirilen oýnunda «Ahal» toparynyň oýunçylary Marynyň «Merw» toparyny 2:0 hasabynda utdular.

Welsähet Öwezowyň toparyna 15-nji minutda Daýanç Meredowyň we oýnuň 46-njy minudynda Şazada Bäşimowyň öz derwezesine salan pökgüsi ýeňiş getirdi.

«Ahal» topary şu möwsümde üçünji gezek «Merw» toparyndan üstün çykdy. Milli çempionatyň birinji aýlawynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary myhmançylykda – 1:0, ikinji aýlawda bolsa maryly garşydaşyny 5:1 hasabynda utdy .

«Merw» toparyny 2:0 hasabynda ýeňen «Ahal» topary 43 utuk bilen ikinji orna çykdy. «Altyn asyr» topary 40 utuk toplady, ýöne Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyryny tamamlaýan öz meýdançasynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary bilen ýene bir oýny bar. 

Bu tapgyryň öňki oýunlarynda «Arkadag» toparynyň Balkanabadyň «Nebitçi» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykandygyny, «Aşgabat» toparynyň we «Köpetdag» toparynyň paýtagt derbisinde deň oýnandygyny ýatladýarys.