AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

03.09.2024

«Aşgabat» futbol kluby paýtagt derbisinde «Köpetdag» toparyny ýeňip bilmedi

Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň «Aşgabat» topary bilen «Köpetdag» toparynyň arasyndaky duşuşygy geçirildi. 

Bu eýýäm bu toparlaryň üçünji paýtagt derbisidi. Birinji aýlawda garşydaşlar – 0:0 hasabynda deň oýnadylar, ikinji aýlawda bolsa «Aşgabat» topary – 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Üçünji aýlawdan öň iki klub hem baş tälimçini çalyşdy. «Aşgabat» toparyna «Köpetdag» toparynyň öňki halypasy Tofik Şükürow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparyna bolsa Begenç Garaýew ýolbaşçylyk etdi. Şunuň bilen baglylykda ýaňy-ýakynda hem bilelikde işlän tälimçileriň gapma-garşylygy uly gyzyklanma döretdi. Bu oýun «Aşgabat» toparynyň häzirki tälimçisiniň öňki toparyna näme taýýarlandygyny görkezmelidi.

Oýnuň birinji ýarymynda iki tarapam üstünlik gazanyp bilmedi. Duşuşygyň 65-nji minudynda ýer eýeleriniň guran şowly hüjümi Ýeňiş Seýdiýewiň goly bilen tamamlandy. «Aşgabat» topary üçin ýeňişli hasap 88-nji minuta çenli saklandy. Oýnuň gutarmagyna 2 minut galanda «Köpetdag» topary 11 metrlik jerime urgusyna hukuk gazandy, ony Şiri Annaýew dürs ýerine ýetirdi.

Netijede oýun 1:1 hasabynda deň tamamlandy we toparlaryň hersi bir utuk gazandylar. Bu oýundan soň «Aşgabat» topary 17 utuk bilen 6-njy, «Köpetdag» topary 14 utuk toplap, 8-nji orunda barýarlar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyry «Ahal» – «Merw» we «Altyn asyr» – «Şagadam» toparlarynyň oýunlary bilen dowam eder.