AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

07.09.2024

Mergen Orazow Roberto Martines bilen häzirki zaman futbolynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Lissabonda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Roberto Martines bilen duşuşdy. Duşuşykda tälimçiler häzirki zaman futbolynyň möhüm meselelerini we tälimçilik hünäriniň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Orazowyň Portugaliýa sapary Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň, AFK we UEFA guramalarynyň goldawy bilen gurnaldy. Saparyň maksady Ýewropanyň öňdebaryjy ýygyndylaryndan biriniň türgenleşik işlerini alyp barşyny bilen tanyşmakdyr. Türkmen tälimçisiniň tejribe alyşmak sapary 10-njy sentýabra çenli dowam eder.

Ýakynda Mergen Orazow Portugaliýanyň we Horwatiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky Milletler ligasynyň oýnuna gatnaşdy, bu duşuşyk 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Bu oýun Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştian Ronaldunyň tutuş futbol karýerasynda derwezä geçiren 900-nji goly bilen taryhy duşuşyk boldy.

2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan Portugaliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edip başlan Roberto Martinesiň baý tälimçilik tejribesi bar. Onuň baştutanlygynda Portugaliýanyň ýygyndysy 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda çärýek finala çykmagy başardy. Martines ozal Belgiýanyň milli ýygyndysy bilen işleşip, 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalyny eýeläpdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi üçin 2027-nji ýylda Aziýanyň kubogy ugrundaky aýgytlaýjy saýlama tapgyrynyň öňüsyrasynda geçirilen bu tejribelik aýratyn ähmiýete eýedir. Üçünji saýlama tapgyrynyň bije atyşlygy 19-njy dekabrda geçiriler, hut şonda ýaryşyň final tapgyryna çykmak ugrunda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary belli bolar.