AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

12.09.2024

Aşgabat Astana bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Gazagystanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, degişli ylalaşyga Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň Astana şäherinde Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew bilen geçiren gepleşikleriniň netijesinde gol çekildi.

«Duşuşykda taraplar gaz pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy we bu babatda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de Gazagystanyň Energetika ministrliginiň arasynda Ähtnama gol çekildi» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Mundan başga-da, duşuşykda A.Satkaliýew bilelikdäki tagallalar arkaly iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykaryp boljakdygyna ynam bildirdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Gazagystanyň Türkmenistandan 226,3 million kub metr tebigy gaz import edendigini habar beripdik.