AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

21.09.2024

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Aziýa klublarynyň ýaryşlarynyň täze möwsüminde taryhy gol geçirdi

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Aşgabadyň «Altyn Asyr» komandasynyň hüjümçisi Myrat Annaýew 2024/2025 möwsüminiň AFK-2 Çempionlar ligasynyň Merkezi Aziýa komandalary üçin toparçalaýyn tapgyrynda ilkinji pökgini tora girizdi. Bu üstünlik diňe bir «Altyn Asyr» üçin däl, eýsem AFK-nyň iň ähmiýetli iki klub ýaryşynda - AFK Elita Çempionlar ligasynda hem-de AFK 2 Çempionlar ligasynda çykyş edýän tutuş sebit üçin möhüm boldy.

Taryhy pursat Bagdatda Yragyň «Eýr Fors» toparyna garşy geçirilen oýnuň 70-nji minutynda bolup geçdi. Annaýew Hoşgeldi Hojowowyň ussatlyk bilen beren topuny derwezeden geçirip, hasaby deňledi. 31 ýaşly hüjümçiniň ýadawsyz tagallalaryna garamazdan, oýun ýer eýeleriniň topary üçin 2: 1 hasabynda ýeňiş bilen tamamlandy. Hiran Ahmed aýgytlaýjy pökgüni esasy wagtyň gutarmagyna iki minut galanda tora girizmegi başardy.

Annaewiň salan goly AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň we AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçasyna gatnaşýan Merkezi Aziýanyň komandalary üçin ýeke-täk ajaýyp pursat boldy.

Sebitiň beýleki toparlary hem üýtgeşik tapawutlanyp bilmediler: Daşkendiň «Pahtakor» topary BAE-niň «Al-Wasl» toparyndan (0:1), Duşanbeniň «Istikloly» BAE-niň «Al-Sharja» toparyndan utuldy (0:1), Karşynyň «Nasaf» topary bilen Kulobyň «Rawşany» degişlilikde «Al-Kuweýt» we «Mohun Bagan» toparlary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.