Ruslan Mingazow Gonkong Premýer-ligasynyň oýnunda bir gol geçirip, dört gol pasyny berdi
Türkmenistandan bolan ýarym goragçy, «Kitçi» klubynyň oýunçysy Ruslan Mingazow Gonkong Premýer-ligasynyň «Gonkong Reýndžers» toparyna garşy oýnunda bir gol geçirip, dört netijeli pas berdi. Oýun «Kitçi» toparynyň 8:0 hasabyndaky ynamly ýeňşi bilen tamamlandy.
Ýeňiji toparyň düzüminde gol geçirenler: Žunino (14-nji minut), Luýiş Maşado (21-nji we 37-nji minutlar), Welton Sampaýo (40-njy we 56-njy minutlar), Ruslan Mingazow (54-nji minut), Şerzod Temirow (79-njy minut) we Pun Pui Hin (88-nji minut). Mingazow ilkinji gezek karýerasynda bir oýunda dört netijeli pas berdi. Bu oýunda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy başlangyç düzümde meýdança çykyp, 63 minut oýnady.
Gonkong çempionatynyň üç tapgyryndan soň, «Kitçi» 5 utuk gazanyp, turnir tablisasynda dördünji orunda ýerleşdi.