Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň çempionatynyň sebitleýin bölegine goşa ýeňiş bilen girişdi
Türkmenistanyň woleýbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy şu günler Aziýanyň çempionatynyň sebitleýin bölegine gatnaşýar. Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilýän duşuşyklarda 6 döwletiň ― Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Şri-Lankanyň, Nepalyň we Maldiw adalarynyň ýygyndylary güýç synanyşýar.
Ýaryşyň bu bölegi bi aýlaw görnüşinde geçiriler. Aýlaw tamamlanansoň, birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylar yklym ýaryşynyň final bölegine gatnaşmak üçin öz aralarynda güýç synanyşarlar. Üçünji, dördünji orunlaryňe eýeleri bolsa sebitleýin bölegiň bürünç medaly üçin göreş alyp bararlar.
Türkmen woleýbolçylary ýaryşa üstünlikli girişdi. Olar ilkinji duşuşygynda Maldiwleriň, ikinji duşuşygynda bolsa Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdiler.
Çempionat dowam edýär.