AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

17.10.2024

"Arkadag" Aşgabatda Türkmenistanyň futbol çempiony hökmünde ilkinji oýnuny geçirer

Geçen tapgyrda Türkmenistanyň çempiony bolan "Arkadag" 29-njy tapgyryň yza süýşürilen oýnunda "Ahal" bilen myhmançylykda duşuşar. Oýun 17-nji oktýabrda Aşgabatdaky "Nusaý" stadionynda geçiriler. Oýun 16:00-a başlanar.

"Arkadag" 25 duşuşykda 75 utuk gazanyp, möwsümiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda çempionlyk adyny gazandy. "Ahal" bolsa 23 oýundan soň 52 utuk bilen ikinji orun üçin güýçli göreş alyp barýar. Şol bir utuk sanyny gazanan "Altyn Asyr" bolsa "Ahal" bilen diňe gol tapawudy boýunça öňde durýar.

Şeýle hem, "Şagadam" 34 utuk bilen ýaryş tertibinde dördünji orunda bolup, öňdäki üçlükden ep-esli yza galýar.