Türkmen eminleri AFK-nyň Çagyryş ligasynda ilkinji duşuşygyna çykar
Aziýanyň Futbol konfederasiýasy türkmenistanly halkara derejeli emin Resul Mämmedowa we onuň kömekçileri Ahmet Begnazarow bilen Pälwan Pälwanowa jogapkärçilikli duşuşyklaryň ýene-de birini ynandy.
Türkmenistanly eminler şu gün, 29-njy oktýabrda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ikinji tapgyryndaky «Paro» (Butan) ― «Nejmeh» (Liwan) duşuşygyny alyp bararlar.
Butanyň Zimpu şäherindäki «Çanglimizang» stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da başlanar. Türkmen hünärmenleri üçin bu oýun, ýaryşyň çägindäki taryhy ilkinji duşuşygy bolar.
Bu duşuşyk FIFA derejeli emin Resul Mämmedowyň AFK-nyň ýaryşlaryndaky, baş emin hökmünde çykan ikinji resmi duşuşygy bolar. Türkmen emini ýakynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky yklym çempionatynyň saýlama tapgyrynda hem bir duşuşykda eminlik edipdi.