AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

30.01.2024

Futbol boýunça Gazagystanyň milli ýygyndysy Türkmenistan bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär

Futbol boýunça Gazagystanyň milli ýygyndysy mart aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenlmegine görä, Magomed Adiýewden tälim alýan Gazagystanyň ýygyndysy 8-nji martda Dubaý şäherinde (BAE) okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişer. Şol okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda 14-nji martda gazak futbolçylarynyň Türkmenistanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň ýygyndylary mundan ozal 3 gezek güýç synanyşyp, şolaryň 2-si deňlikde tamamlandy we 1 gezek Gazagystan ýeňiş gazandy.

Häzirki wagtda Gazagystanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 100-nji, Türkmenistan bolsa 141-nji orny eýeleýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2024-nji ýylyň mart aýynda DÇ-2026-nyň saýlama tapgyrynda Eýranyň milli ýygyndysy bilen 2 gezek duşuşar.

Mergen Orazowyň şägirtleri 21-nji martda myhmançylykda, 26-njy martda bolsa Aşgabatda Eýran bilen güýç synanyşarlar.

Gazagystanyň milli ýygyndysy bolsa indiki resmi oýnuny ÝEWRO-2024-iň saýlamasynyň pleý-off turnirinde 21-nji martda Afini şäherinde Gresiýa garşy geçirer.