Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen ITF konferensiýasynda tälimçilik kwalifikasiýasyny ýokarlandyrdylar
Türkmen tennisçileri Maral Ahmedowa we Nazar Dowmatow Manamada geçirilen Günbatar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tälimçileri üçin sebitleýin konferensiýa gatnaşdylar. ITF tarapyndan gurnalan forumda 12 ýurtdan 50-den gowrak tälimçi gatnaşdy we üç günläp tälimçilik prosesiniň gurnalyşy, taktiki we tehniki usullar, oýunçylary ýaryşa taýýarlamak ýaly mowzuklar boýunça okuw geçdiler.
Türkmenistandan Maral Ahmedowa we Nazar Dowmatow gatnaşdy. Maral Ahmedowa ITF Level 1 tälimçilik şahadatnamasynyň eýesi bolup, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 7-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işleýär. Nazar Dowmatow bolsa häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda tennis tälimçisi hünäri boýunça okaýar.
Türkmen tennis federasiýasy tälimçileriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda 40-dan gowrak ITF Play Tennis kursuny geçen tälimçi we 18 ITF Level 1 şahadatnamaly tälimçi bar. Şeýle hem, Mirali Gasanow geçen ýyl Ispaniýada David Ferrer tennis akademiýasynda üstünlikli synagdan geçip, PRO Level şahadatnamasyny alan ilkinji türkmen tälimçisi boldy.