AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

06.12.2024

Awtomobil sportunyň «Rally-reýd» görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Şu günler ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda awtomobil sportuna degişli ýaryşlaryň bardygyny bellemek ýakymlydyr. Şu ýylyň 2-3-nji dekabrynda Garagum sährasynyň çäklerinde şanly sene mynasybetli guralan awtomobil sportunyň «Rally-reýd» görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Garagum sährasynyň Ahal we Balkan welaýatlaryna degişli çäklerinde guralan bu bäsleşige gatnaşyjylar umumy uzynlygy 161 kilometr bolan aralygy geçdiler. Şunda ýoluň 138 kilometriniň 2-nji dekabrda, galan 23 kilometriniň bolsa 3-nji dekabrda geçilendigini bellemek gerek.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen çempionat Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldawy arkaly guraldy. Munuň özi ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleri bilen bir hatarda awtomobil sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi we bu görnüş boýunça ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanmagy bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Garagum sährasynyň çylşyrymly ýol şertlerinde guralan ýaryşa ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň T2 we açyk klaslar ýaly dürli derejelerde geçirilendigini bellemek gerek.

Ýaryşa gatnaşan toparlar sport ulaglaryna ussatlyk bilen erk edip, kesgitlenen aralygy ýokary derejede geçmegi başardylar. Aýratyn-da, «Nissan Patrol», «Mitsubishi Pajero» we «Toyota Hiluх» kysymly awtoulaglara erk eden türgenler iň gowy netije gazandylar.

Şunuň bilen baglylykda, geçirilen ýaryşyň jemleri jemlenip, onda T2 klasda birinji orny «Türkmenawtoulaglary» agentliginden M.Toýlyýew eýeledi. Bu görnüşde ikinji orna Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgeni M.Daňatarow mynasyp boldy. Üçünji baýrakly orun bolsa şol federasiýanyň türgeni M.Abdullaýewiň paýyna düşdi.

Açyk klasda bolsa birinji orny türgen «Toyota Hiluх» kysymly awtoulagynda Ç.Çaryýew eýelemegi başardy. Şunda ikinji orna ýurdumyzyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgeni S.Kulalyýew, üçünji orna bolsa şol federasiýanyň türgeni Ý.Abaýew mynasyp boldy. Ýeňijilere mynasyp bolan sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu ýaryş ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde we ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanmalaryň artmagynda aýratyn ähmiýeti bolan möhüm waka öwrüldi.