«Ahal» klubynyň ozalky tälimçisi Geldiýew Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş sekretary wezipesine saýlandy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň maslahatlar zalynda onuň ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu mejlisiň esasy çözgütleriniň biri futbol hünärmeni Serdar Geldiýewiň TFF-niň Baş sekretary wezipesine tassyklanylmagydyr – diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
Serdar Geldiýew öz futbol ýoluna 2005-nji ýylda Aşgabadyň HTTU-niň klubynda başlaýar. Ol dürli ýyllarda «Aşgabat», «Balkan», «Altyn asyr» we «Ahal» toparlary ýaly türkmen klublarynda çykyş edýär. 2020-nji ýylyň fewral aýynda S. Geldiýew Malaýziýanyň «PDRM» kluby bilen bir ýyllyk şertnama baglaşyp, 1 martda «Sabah» klubyna garşy oýunda ol ýurtda ilkinji gezek çykyş etdi.
Meşhur türkmen futbol tälimçisi Orazmuhammet Geldiýewiň ogly bolan Serdar futbol oýnamagy bes edenden soň, kakasynyň ýoluny dowam edip, tälimçi boldy. PRO derejeli tälimçi ygtyýarnamasyna eýe bolan Serdar, 2023-nji ýylda «Ahal» futbol klubunyň ýolbaşçysy boldy we onuň ýolbaşçylygynda «Ahal» 2023-nji ýylyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etdi.