Türkmen ştangaçysy Bunýad Raşidow agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň kiçi kümüş medalyny gazandy
Türkmen ştangaçysy Bunýad Raşidow Manama şäherinde (Bahreýn) geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda silkip götermekde kümüş medal gazandy. Ol bu sylagyny 73 kg çenli agram derejesinde medal ugrunda oňa bäsdeş bolan 26 türgenden üstün çykyp, gazanmagy başardy.
Silkip götermekde Raşidow 154 kg netije görkezdi. Emma ol itekläp götermekde 16-njy netijäni görkezdi (163 kg) we jemi 321 kg bilen 15-nji orny eýeledi. Dünýä çempiony adyna Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndan Hýon Ri Rýon mynasyp boldy – onuň netijesi 349 kg (152+197). Ikinji orny indoneziýaly Rizki Juniansýa eýeläp, onuň jemi netijesi 340 kg (150+190) barabar boldy. Üçünji orna jemi 336 kg (152+197) netije bilen hytaýly ştangaçy Çžun Çžiguan mynasyp boldy.
Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndysyna 8 türgen wekilçilik edýär, ýaryş 15-nji dekabrda tamamlanar.