Aşgabatda diplomatlaryň arasynda ýaýdan ok atmak bäsleşigi geçirildi
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli «Diplomatiýanyň altyn oky» atly ýaýdan ok atmak boýunça ýaryş geçirildi. Oňa Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalaryndan 40-a golaý wekil gatnaşdy.
Ýaryşyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy hem-de Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy çykyş etdi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen bäsleşikde diplomatlar ýokary ussatlyklaryny görkezdiler.
Erkekleriň arasynda Russiýanyň ilçihanasynyň ikinji sekretary Wadim Ýakowlew ýeňiş gazandy. Ikinji ýeri Patrik Rýanke (ABŞ), üçünji ýeri bolsa Anton Gonçarok (BSGG, Türkmenistan) eýeledi. Zenanlaryň arasynda ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekili Katerina Ford ýeňşini baýram etdi. Ikinji orun Koreýa Respublikasynyň ilçihanasynyň wekili Minkung Çaýe, üçünji orun bolsa Ýaponiýanyň ilçihanasynyň wekili Mihaiko Sasaki tarapyndan eýelendi.
Guramaçylar çäräniň hemaýatkärleri bolan «Aktam», «Resmi kepil», «Arçalyk», «Ugur» kärhanalaryna hem-de koreý tagamlaryny taýýarlaýan «Wok Fud» restoranyna minnetdarlyk bildirýärler.
Bu ýaryş diňe bir diplomatlaryň arasynda iň oňat ýaý atyjylary ýüze çykarmak bilen çäklenmän, halkara diplomatiýanyň we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň täsirli guraly hökmünde sportuň möhüm ornuna ünsi çekdi.