Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň finaly şu gün «Aşgabat» stadionynda geçiriler
Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň final duşuşygy «Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň arasynda şu gün, 23-nji dekabrda geçiriler. Duşuşyk «Aşgabat» stadionynda bolup, sagat 15:00-da başlanar diýip, FFT-niň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygy Tejenden gelen Berdymammed Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary dolandyrar. Oňa Ahmet Begnazarow (Mary), Ýusup Jumamyradow (Aşgabat) kömek ederler. Ätiýaçdaky emin – Eziz Ýazmyradow. Duşuşygyň inspektory – Eldar Ramazanow, komissary – Maksat Seýitkuliýew.
«Arkadag» Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesidir. Geçen ýylyň finalynda Wladimir Baýramowyň şägirtleri «Ahaly» 3:0 hasaby bilen ýeňdiler.
Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Arkadag» Balkanabadyň «Nebitçisini» umumy hasapda 12:4 hasaby bilen iki gezek ýeňdi, beýleki ýarym finalda bolsa «Ahal» ýeňiji diýlip yglan edildi, oňa «Altyn asyr» bilen bolan iki duşuşykda 3:0 hasaby bilen tehniki ýeňiş berildi.