AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

12.03.2024

Döwletjan Ýagşymuradow «PFL-de» ilkinji tutluşygyny sloweniýaly Jeýkob Nedo garşy geçirer

Garyşyk söweş sungaty boýunça çykyş edýän 34 ýaşly türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymuradowyň (21-7-1) söweş sungatynyň meşhur «PFL-2024» ligasyndaky ilkinji garşydaşy sloweniýaly Jeýkob Nedo (8-1) bolar.

Ýarym agyr agram derejesinde Ýagşymuradow bilen Nedonyň arasyndaky tutluşyk 12-nji aprelde ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçiriler. Täze «PFL-2024» möwsüminiň ähli gatnaşyjylary Gran-Priniň çäklerinde çempionlyk kemeri hem-de 1 million dollar möçberindäki pul baýragy üçin göreşerler.

Belläp geçsek, Döwletjan Ýagşymuradow Kaliforniýada geçen «Bellator 300» ýaryşyndaky soňky tutluşygynda polşaly söweşiji-türgen Maseý Rozanskini ýeňipdi.

Professional Fighters League (PFL) — Amerikanyň garyşyk söweş sungaty boýunça ýaryşlary geçirýän öňdebaryjy guramalarynyň biridir.

«PFL» guramasy 2023-nji ýylyň noýabrynda türkmen türgeniniň 2021-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýän «Bellator» ýaryşyny guramak hukugyny satyn aldy. «PFL-i» esaslandyryjy Don Dewis guramalaryň birleşmeginden soň, «Bellatoryň» ozalky türgenleriniň ählisiniň indi PFL ulgamynda çykyş etjekdigini mälim etdi. Olar liganyň ýaryşlaryna we guramanyň beýleki ýaryşlaryna hem gatnaşyp bilerler.