AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

27.03.2024

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Ç.Aýtmatowyň adyny göterýän Dil we edebiýat institutynyň direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Gölliýewiň Gyrgyzystanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory A. Akmataliýew bilen söhbetdeşliginde akademiki we ylmy ugurlardaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda 2024-nji ýylyň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen baglylykda, Gyrgyzystanda bilelikdäki çäreleri guramak hakynda pikir alşyldy.

Institutyň direktory, pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň ýakynda Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygy üçin hoşallygyny beýan etdi diýlip, habarda bellenilýär.