“Ýüpek ýoly” Halkara ralli ýaryşynyň geçiriljek senesi belli boldy
“Ýüpek ýoly” Halkara ralli ýaryşy 12-nji iýulda Irkutsk şäherinde badalga alyp, Irkutsk oblastynyň, Burýatiýa Respublikasynyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçip, Gorno-Altaýskda tamamlanar diýip, “РИА Новости” habar berýär.
“2025-nji ýylyň iýulynda Irkutsk oblastynda “Ýüepk ýoly” Halkara rallisiniň tapgyrlarynyň biri geçiriler. Ýaryş 12-nji iýulda Irkutskda dabaraly ýagdaýda başlar. Her ýyl guramaçylar ýaryşyň ugryny täzeleýärler. Şu ýyl ol iki ýurduň çäginde geçiriler – Russiýanyň we Mongoliýanyň” – diýip, habarda bellenilýär.
Şu gezek ýaryşa dünýäniň 13-den gowrak ýurdundan sport ekipažlary gatnaşar. Ralli taýýarlyk işlerine we ýaryşyň özüne 1000-den gowrak adam, şeýle hem 350-den gowrak ulag serişdeleri çekiler. Ýeňijiler bäş ugur boýunça saýlanar: ýük maşynlar, awtomobiller, motogeçijiler, motosikl we kwadrosikller.
Ýaryşyň taryhynda rus tapgyry ilkinji gezek iki bölekden ybarat bolar: birinjisi Irkutsk oblastynda geçirilip, soňra gatnaşyjylar Burýatiýa Respublikasyndan hem-de Mongoliýadan geçip, Russiýa dolanyp gelerler. Olar 22-nji iýulda Gorno-Altaýskda ýaryşy tamamlarlar.
“Ýüpek ýoly” ralli-marafony bütin dünýäde ykrar edilen ýokary çylşyrymlykly sport çäresidir. Ralli ilkinji gezek 2009-njy ýylda Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinde geçirildi.