Saglyk ýagdaýy sebäpli Katanes Özbegistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi
Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy (ÖFA) milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Sreçko Katanes bilen baglaşylan şertnamanyň möhletinden öň ýatyrylandygyny yglan etdi. Sloweniýaly hünärmen häzirki ýagdaýynda hünär borçlaryny doly ýerine ýetirip bilmejekdigini aýdyp, saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden gitmek kararyna gelipdir.
Katanes 2021-nji ýylyň awgust aýynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolup, dört ýyllyk şertnama gol çekipdi. Onuň ýolbaşçylygynda ýygyndy komanda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, häzirki wagtda A toparda çykyş edip, 13 utuk bilen diňe Eýranyň ýygyndysyndan yza galýar we ikinji orny eýeleýär.
Sloweniýaly hünärmeniň işlän döwründe Özbegistanyň milli topary Türkmenistan bilen üç duşuşyk geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy. Bu ýeňişleriň ikisi Dünýä çempionaty-2026-nyň saýlama tapgyrynda 3:1 meňzeş hasaby bilen, ýene biri - CAFA Nation's Cup bäsleşiginde 2:0 hasaby bilen gazanyldy.
ÖFA milli ýygyndy üçin täze baş tälimçini gözläp başlady. Geljekki tälimçiniň öňünde möhüm wezipe goýlar - ol Aziýa saýlama ýaryşynyň üç toparynyň her birinden iki sany iň gowy ýygyndy komandanyň gönümel düşýän 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final tapgyryna çykmak ugrundaky göreşi dowam etdirmeli bolar.