
Türkmen tennisçileri Billi Jin King Kubogynyň ýetginjekleriň arasyndaky saýlama ýaryşyny ýeňiş bilen başladylar
Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar ýygyndysy 16 ýaşa çenli Billi Jin King Kubogy ugrundaky halkara ýetginjekler saýlama ýaryşynda Wýetnamyň ýygyndysyndan 3:0 hasaby bilen üstün çykyp, ýaryşy ýeňiş gazanmak bilen başlady – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Ýaryş Malaýziýada 14 ýurduň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilýär, olar dört toparça bölünip bäsleşýärler. Türkmenistanyň ýygyndysy Şri-Lankanyň hem-de Wýetnamyň toparlary bilen bilelikde «B» toparçada çykyş edýär. Milli ýygyndymyzda üç ýaş türgen çykyş edýär: Ilima Guseýnowa, Aýnur Möwlamowa we Jennet Çaryýewa.
Toparçada gazanylan netijelere esaslanyp, iň oňat iki ýurduň ýygyndysy ýaryşyň pleý-off ýaryşyna çykar. Türkmen tennisçileri üçin açylyşdaky ýeňiş ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin göreşiň ajaýyp başlangyjy boldy.
Billi Jin King Kubogynyň zenanlar tennisindäki iň uly halkara topar ýaryşydygyny bellemelidiris. 2020-nji ýyla çenli bu ýaryş Federasiýa Kubogy diýlip atlandyrylypdy we soňra Amerikanyň meşhur tennisçisi Billi Jin Kingiň hormatyna üýtgedilipdi.