
«Ist Bengal» klubynyň futbolçylary «Arkadag» bilen jogap oýnuny geçirmek üçin Türkmenistana geldi
«Ist Bengal» klubynyň futbolçylary Türkmenistana geldi, ol AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda «Arkadag» kluby bilen oýnar. Kalkutta şäherinde geçirilen ilkinji duşuşyk 1:0 hasabynda türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Hindi toparynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, biziň ýurdumyza gelen futbolçylar duşenbe güni «Altyn Asyr» toparynyň meýdançasy bolan Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky stadionda baş tälimçi Oskar Bruzonyň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçirdi.
«Arkadag» - «Ist Bengal» klublarynyň arasyndaky AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýny 12-nji martda Aşgabat wagty bilen sagat 15:30-da «akylly» şäheriň stadionynda geçiriler.
Oýnuň öňüsyrasynda klublaryň wekilleri metbugat maslahatyny geçirerler.